Türkmenistanyň Ermenistandaky diplomatik wekilhanasy sport ýaryşyny gurnady

11:5618.04.2019
0
3837

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ermenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda bouling, bilýard we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdi.

Ýerewanyň “Arena” sport klubynda geçirilen ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.

Ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we türkmenistanlylaryň ýaş neslini sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmek, dünýäde sport diplomatiýasy ýörelgesini ýaýmak boýunça başlangyçlarynyň wajyplygy bellenildi.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan kuboklar we onda baýrakly orunlary eýelänlere medallar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň