Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: "Esasy göreş entek öňde"

22:4217.04.2019
0
3468

AFK-nyň kubogy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyrynyň «Altyn asyr» ― «Istiklol» duşuşygyndan soňra geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Futbolçylar duşuşykdan öň meýilleşdirilen oýny doly gurnap bildilermi?

― 100 göterim gurnadylar diýip bolmaz. Bize biraz oýun tejribesi ýetmedi, bu futbolçylaryň ählisinde-de bildirdi. Çünki biz Türkmenistanyň çempionatynda-da juda az oýun geçirdik.

― Onda, toparyň bu duşuşykdaky oýnuna nähili baha berýärsiňiz?  

― Erbet däl, bu entek başlangyç. Deňlik, diýmek deňlik. Indi nobatdaky duşuşk barada pikirlenip we şoňa taýýarlanyp başlamak gerek.

― «Altyn asyr» yzly-yzyna 2 utuk ýitirdi. Bu toparyň yklym ýaryşynyň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini çylşyrymlaşdyrmaýarmy?

― Duşuşyk şeýle tamamlandy, indi edip biljek zadymyz näme? Alnan netijeleriň toparymyzyň ýaryşdaky ykbalyna nähili täsir etjekdigini heniz aýdyp bilmeris. Muny wagt görkezer.

― Begmyradow Baýowy bu gezek hüjümiň ganatynda peýdalandyňyz. Hut şonuň jerime meýdançasyna dürs oklan pökgüsinden hasap açyldy. Pikiriňizi paýlaşaýsaňyz?

― Oýunda sazlaşyk biraz ýetmezçilik edýärdi, şonuň üçin hem Myrat Annaýewiň ornuna Begmyrat Baýowy oýna goýberdi. Bu oýunçy çalşygy netijesini hem berdi.

― «Altyn asyr» bilen «Istiklolyň» arasyndaky duşuşyklar, eýýäm, üçünji gezek deňlikde tamamlanýar. Bu ýagdaý eýýäm kada öwrülip barýar.

― Sebäbini bilmedim. Nobatdaky deňlik güýçleriň deňeçerliginden hem bolup biler.

― Şu gün «Hujand» öz meýdanynda «Dordoýdan» üstün çykdy. Bu netije barada pikirleriňiz?

― Heniz bir zat aýdyp biljek däl. Entek ähli göreş öňümizde.

― Hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew şu gün näme üçin esasy düzümde meýdana girdi-de, Türkmenistanyň çempionatynda ony ätiýaçda sakladyňyz?

― Onuň meýdanyň ýagdaýy bilen bagly şikes alan gezekleri boldy. Biz bolsa ondan, mümkin boldugyça, kän peýdalanmak isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň