Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň wekilleri Aşgabada geldi

16:0217.04.2019
0
2802

Iş sapary bilen paýtagtymyza gelen AFK-nyň wekiliýeti “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi bilen duşuşyk geçirdi - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

 Ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň ýolbaşçylygyndaky TFF-niň hem-de AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bölüminiň başlygy jenap Braýn Jonsonyň ýolbaşçylygyndaky AFK-nyň iş düzümleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Gepleşigiň dowamynda resmi wekiliýet futzal boýunça Aziýa çempionaty – 2020-ni ýurdumyzyň paýtagtynda geçirmegiň taýýarlyk işleri giňişleýin äheňde seljerildi. Şeýle-de, futzal boýunça Aziýa Çempionatyny ýokary guramaçylykly depginde geçirmek üçin ýerli guramaçylyk topary bilen gepleşikler geçirildi.

Paýtagtymyza gelen Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň resmi wekiliýetiniň düzümine Braýn Jonsondan başga AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bölüminiň jogapkär işgäri jenap Raýmond Başkaran, AFK-nyň myhmanlara we toparlara hyzmat ediş gullugynyň iş dolandyryjysy Llewelin Pang, marketing boýunça iş dolandyryjysy jenap Nazwan Efendi Çong we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça uly menejeri jenap Li Seunghun girýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan 2020-nji ýylda futzal boýunça geçiriljek Aziýa çempionaty Türkmenistana ynanyldy. Bilşiňiz ýaly, Aziýa çempionatynyň 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly bilen 8-nji marty aralygynda gözel paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň