Arhiw

Türkmenistanyň we Koreýanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

11:5417.04.2019
0
8661

"Oguzhan" köşkler toplumynda iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi ýagdaýda surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolar. Türkmenistan Koreýa Respublikasyny ygtybarly işewür hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen geljekde hem taraplaryň uly kuwwatyna we erk-islegine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini belläp, Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze anyk mazmun berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Mun Çže In mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin esasda üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, koreý işewür toparlarynyň türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge hem-de dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Geçen ýyllaryň içinde toplanan özara gatnaşyklaryň tejribesini nazara almak bilen, geljekde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň geljegi nazarlamak bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, köpugurly işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, olary hemmetaraplaýyn berkitmek barada pikirlerini aýtdylar.

Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny Türkmenistandan başlamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň käbir möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň