Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

23:5716.04.2019
0
3599

Şu gün Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler «Ýigrimi ýyl hereketde!» şygary astynda geçirilýär.

Maslahata halkara guramalaryň — BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de ýurdumyzyň birnäçe edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Forum Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip, umumydünýä ösüşine oňyn täsirini ýetirmek ugrunda çykyş edýär.

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, Slowakiýanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliýetiniň birinji kätibi Tomaş Biçan we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar bar bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we ony giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň 50-den gowrak döwlet düzümleri, bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Natalýa Drozd öz çykyşynda Türkmenistan bilen ÝHHG özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýärler hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyrlar diýip belledi. Hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen taraplar diňe bir bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň many-mazmunyny düýpli çuňlaşdyrdylar diýip, bu guramanyň ýurdumyzdaky Merkeziniň baştutany aýtdy.

Çykyş edenler bilelikde geçirilen işiň möhümdigi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň merkeziniň möhüm meseleleri — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny, Aral deňzi meselesini çözmegi, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagy, adam hukuklaryny goramagy, terrorçylyga, ýaragyň we neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy durmagy, şeýle hem ekologiýa taslamalaryny goldamagy hem-de ilerletmegi üpjün etmegiň gurallaryny döretmegiň we ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn netijelerini bellediler.

Biziň ýurdumyz ÝHHG-niň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygyň gurallaryny giňeltmek ugrunda tagallalaryny tutuşlygyna goldaýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly parahatçylyk dörediji mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen yzygiderli we netijeli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny ýene bir gezek beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň