Arhiw

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

19:1116.04.2019
0
10246

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desselerini gowşurdy we koreý Liderine duz-çörek hödür edildi.

Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ulag kerweni howa menzilinden motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda sapar mahaly myhmanyň kabulhanasy ýerleşýän kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Ertir — 17-nji aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçiriler. Onuň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

* * *

Şu gün “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet saparyna gabatlanyp, iki ýurduň hökümet agzalarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de soňky ýyllarda iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşiniň derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu gezekki ýokary derejede geçiriljek gepleşikler giň ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Koreý wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işi üçin Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän we häzirki döwürde milli hem-de halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky, hususan-da, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa önümleriniň önümçiligi we nebithimiýa toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly taslamalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar ägirt uly mümkinçilikleri bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça birnäçe anyk ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda ylmy-tehniki we tehnologiýa babatda tejribe alşylmagyna hem aýratyn üns berildi.

Bu ýere ýygnananlar ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy özboluşly ruhy hem-de maddy medeniýete baýdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirer.

Duşuşygyň ahyrynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine hem-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň