Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan döredijilik bäsleşginiň sergisi geçirilýär

23:2915.04.2019
0
8454

Şu gün Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler merkezinde 2019-njy ýylda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän bäsleşige hödürlenen işleriň sergisi açyldy. Bu bäsleşik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzda eýýäm 9-njy gezek geçirilýär.

Şu ýyl bäsleşige gatnaşýan işleriň awtorlarynyň hatarynda ýaşlar, şol sanda TDÇA-nyň talyplary, şeýle hem onuň uçurymlary, ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary bar. Elbetde, öz eserlerini belli suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary hem görkezdiler. Bu bäsleşigiň ýene-de bir aýratynlygy, žanrlaryň we nusgalaryň, özboluşly görnüşleriň, adaty bolmadyk tärleriň köpdürlüliginde jemlenýär, bu bolsa ýurdumyzyň çeperçilik gurşawynda bolup geçýän döredijilik işleriniň gerimine, ösüşiň täze ugurlarynyň gözlenilmegine şaýatlyk edýär.

Bäsleşige gatnaşýan işlerde olaryň awtorlarynyň gollary däl-de, diňe tertip boýunça belgileriň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Eger sungatyň muşdaklary ussat suratkeşleri olaryň häsiýetli aýratynlyklary boýunça tanaýan bolsalar, ylham çeşmesi barada aýdylanda, hemmeler deňdir. Şonuň üçin türkmen sungatynda aýratyn sarpa goýulýan bedewleriň keşbi şekillendirilen işleriň kime degişlidigini: öz täriniň gözleginde tejribe geçýän ýaş suratkeşe ýa-da höwesli tomaşaçyny haýrana goýýan ussada degişlidigini kesgitlemek aňsat düşmeýär.

Ajaýyp we haýrana goýýan atlar dünýäsi sergiler zalynda açylýar. Bu ýerde atlar halk söýgüsiniň äleminde, gözel tebigatyň goýnunda, özüne çekiji at çapyşyklarynda, oba durmuşynyň sahnalarynda, halk dessurlarynda, baýramçylyklarda öz beýanyny tapýar.

Suratlarda we haly eserlerinde, metalda we daşda, agaçda we üýtgeşik serişdelerde şekillendirilen ajaýyp atlaryň keşbi çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalyna özboluşly bezeg berdi. Bu ýerde taryh we häzirki döwür, miras we daşky gurşawa häzirki garaýyş, gündelik durmuş we beýik işler utgaşyp gidýär.

Awtorlar öz işlerinde atyň keşbini gözelligiň, syratlylygyň nusgasy bilen deňeşdirip, olary haýran galmagyň we hormatyň nyşany hökmünde görkezdiler. Bularyň hemmesi bäsleşik sergisiniň dürli öwüşginli işlerinde açylyp, suratkeşligiň nusgawy mekdebiniň eserleri batyrgaý täzeçil pikirler bilen utgaşýar, gymmatbahaly daşlardan ýasalan ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri haýran galdyrýan dürli reňkli aýnalar, çyralar, görnüşler we gurluşlar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Eserleriň bir bölegi örän inçe işleriň anyklygy bilen täsir galdyrsa, beýlekileri öz awtorlarynyň hyýalynyň gerimi, taglym derejesine çenli belende galan çeperçilik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. «Rowaç» atly keşpli haly hut şeýle eserleriň biridir. Sergä gelenler bu esere seredenlerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rowaç» diýip at beren, soňra Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanyna öwrülen taýjagazy bada-bat tanaýarlar.

Türkmen bedewiniň milli baýramyny şöhratlandyrmak üçin yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň çäginde geçirilýän bu sergi diňe bir bedewleriň hakyky janköýerlerine däl, eýsem, parahatçylygyň hakyky bezeglerine öwrülen behişdi bedewleriň gözelligine sarpa goýýan ähli adamlara gyzykly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň