Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýa gaz akdyrmagy gaýtadan dikeltdi

22:1015.04.2019
0
45471

Şu gün gündiz sagat 12-de türkmen tebigy gazy Russiýa Federasiýasyna gaýtadan akdyrylyp başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazeti «Türkmengaz» konsernine salgylanyp habar berýär.
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleriň arasynda geçirilen gepleşiklerde hem durulyp geçilipdi.  
«Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýeti türkmen gazyny satyn almagy 2016-njy ýylda wagtlaýynça bes edipdi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygy binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şol hökümetara Ylalaşyk esasynda türkmen tebigy gazy Russiýa Federasiýasyna gaýtadan akdyrylyp başlandy — diýip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň