Soňky habarlar

Arhiw

"Istiklol" Aşgabatda türgenleşik geçdi

19:0815.04.2019
0
3936

AFK-nyň kubogy - 2019-yň çäginde "Altyn asyr" bilen duşuşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistanyň "Istiklol" futbol topary "Aşgabat" stadionynda türgenleşiklerini dowam etdirdi. Myhman toparyň türkmen paýtagtyndaky türgenleşikleri onuň resmi saýtynda şöhlelendi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ertir Aşgabatdaky "Olimp" myhmanhanasynda iki toparyň we AFK-nyň wekilleriniň duşuşygyň öňüsyrasyndaky ýygnanşygy hem-de metbugat maslahaty geçiriler. Agşamlyk bolsa iki topar hem duşuşygyň geçjek ýerinde - "Köpetdag" stadionynda iň soňky türgenleşigini geçer.

Duşuşyk 17-nji aprelde, Aşgabat wagty bilen sagat 17-de başlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň