Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: 5-nji tapgyryň ikinji gününde "Energetik" hem ýeňiş gazandy

23:4513.04.2019
0
11514

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli "Energetik" "Nebitçiden" 1:0 hasabynda üstün çykdy. Şäherdäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşykda Rahmanguly Baýlyýewiň şägirtleriniň ýeke-täk pökgüsini 63-nji minutda Pirmyrat Gazakow geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra, "Energetik" utugyny 6-a çykaryp, "Köpetdagdyr" "Nebitçi" bilen deňleşdi. Bu üç topardan 1 utuk köp ýygnap bilen "Şagadam" bolsa ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Bäş tapgyrda dört duşuşyk geçirip, şolaryň ählisinde ýeňiş gazanan "Ahalyň" 12 utugy bar: Röwşen Meredowyň şägirtleri iň ýakyn bäsdeşinden 5 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň başyny çekýär.

Ýurdumyzyň häzirki çempiony "Altyn asyryň" 17-nji aprelde Täjigistanyň "Istikloly" bilen Aşgabatda geçiriljek duşuşyga taýýarlanýanlygy üçin, tapgyrdaky "Merw" - "Altyn asyr" duşuşygy 28-nji maýa geçirildi. Ýokary liganyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklaryna 20-nji aprelde badalga berler.

Dürli hasaplamalary söýýänler üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris:

"Energetik" - "Nebitçi" - 1:0 (0:0)

13-nji aprel. Mary. "Sport toplumy". 500 tomaşaçy.

Pökgi geçiren: Pimyrat Gazakow, 63.

Duýduryşlar: Pirmyrat Gazakow 68, Alybek Abdyrahmanow 88 - Ilýas akyýew 18, Farhad Italmazow 30.

Emin: Arslan Goşşanow (Tejen).

Eminiň kömekçileri: Pälwan Pälwanow (Daşoguz), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat).

Ätiýaç emin: Merdan Saparow (Mary).

Duşuşygyň gözegçisi: Geldi Öwezow (Aşgabat).

Ýaryş tertibi:

1. "Ahal" 4/12

2. "Şagadam" 4/7

3. "Köpetdag" 4/6

4. "Energetik" 4/6

5. "Nebitçi" 5/6

6. "Altyn asyr" 2/4

7. "Merw" 4/3

8. "Aşgabat" 5/3

Iň köp tapawutlanan futbolçylar:

Didar Durdyýew ("Ahal"), Myrat Ýagşyýew ("Altyn asyr") - 3 pökgi;

Altymyrat Annadurdyýew ("Altyn asyr"), Batyrgylyç Berdiýew ("Köpetdag"), Akmämmet Metdäýew ("Nebitçi"), Nurýagdy Muhammedow ("Köpetdag"), Bagtyýar Hojaahmedow ("Merw"), Pirmyrat Gazakow ("Energetik") - 2 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň