Soňky habarlar

Arhiw

Petdelikleri saklap galmak boýunça türkmen-german taslamasy durmuşa geçirilip başlandy

22:5713.04.2019
0
31491

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Germaniýanyň tebigaty goramak edarasynyň goldamagynda Amyderýanyň aýagynda “Ýerden peýdalanmaga we biologik köpdürlüligi saklap galmaga ekoulgamlaýyn çemeleşme” Sebit maksatnamasy hereket edip başlady.

Türkmenistan bilen Germaniýa Merkezi Aziýanyň özboluşly derýaýaka tokaýlaryny – petdelikleri goramak boýunça bilelikdäki hereketde tejribe topladylar. Ozal şeýle ýerlerde bilelikdäki tokaý dikeldiş işleri Mihael Zukkowyň Gaznasynyň hünärmenleri bilen bilelikde geçirildi. Indi ýerli ekologlar Türkmenistanda taslamanyň utgaşdyryjysy bolan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri bilen hyzmatdaşlykda işlärler.

Ylmy-amaly çäreler Amyderýanyň aýagynda – Lebap welaýatynda (Türkmenistan) we Özbegistanda geçiriler. Täze ekologiýa taslamasyna taýýarlyk işleri geçen ýyl başlandy. Ol häzirki wagtdan başlap 2020-njui ýylda durmuşa geçiriler. Biziň ýurdumyzda GIZ guramasynyň iki ugur: ýer we suw babatda iş alyp barýandygyny bellemek gerek. Petdelikleri derňemäge, olary dikeltmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga “Howanyň üýtgemegi nazara alnyp, Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi üçin ýerden durnukly peýdalanmak” Maksatnamasynyň intellektual we tehniki mümkinçilikleri çekiler.

Taslamanyň çäklerinde Amyderýa goraghanasynda tebigaty goramak işlerine we kenarýaka zolakda ekologiýa ýagdaýyna seljerme berler. Bu çäreler aýratyn goragly tebigy ýerleriň ekologik deňagramlylygyny saklap galmaga gönükdirilendir. Şeýle hem biogeografik karta taýýarlamak hem-de howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyna we ekoulgma täsiriniň ugulary boýunça goraghananyň işgärleri üçin okuw-türgenleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň