Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygyna käýinç yglan etdi

12:1113.04.2019
0
12139

12-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 3 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow döwlet Baştutanyna gurlan desgalaryň ýagdaýyna geçirilen barlaglaryň netijeleri hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy M.Kakabaýewe käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň