Türkmenistanyň Prezidenti Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna käýinç yglan etdi

11:4013.04.2019
0
8350

12-nji aprelde ýylyň 3 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmensyýahat» döwlet kärhanasynyň işiniň göwnejaý derejede alnyp barylmaýandygyny belläp, wise-premýer G.Myradowa bu ýagdaýy düýpli seljerip, şol kärhananyň işini gowulandyrmak üçin görülmeli çäreleri anyklamagy hem-de ýakyn wagtda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň