Türkmenistanda ýylyň 3 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy

11:2313.04.2019
0
7772

12-nji aprelde ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Makroykdysady görkezijiler munuň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 5 milliard manada barabar boldy.

Ýanwar-mart aýlarynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy. Bu maksatnamanyň çäklerinde, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan 240 desganyň 84-sinde taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işlerine girişildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň