Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasaryny çalyşdy

23:5512.04.2019
0
7140

12-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer D.Amangeldiýewiň awtomobil ýollarynyň gurluşygy we guramaçylyk işleri boýunça tejribeli hünärmendigini aýtdy. Milli Liderimiz ýakynda Türkmenbaşy — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň taslamasynyň taýýarlanandygyny, bu ýoluň ýokary netijeli häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyny döretmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ýoluň sebitiň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara çatrygy hökmünde Garaşsyz ýurdumyzyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan ulgamda toplan baý tejribesini göz öňünde tutup, D.Amangeldiýewi bu awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýolbaşçy edip belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra milli Liderimiz Ç.Purçekowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek hem-de ony energetika ministri wezipesinden boşatmak barada Permanlara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň