Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: 5-nji tapgyrda "Ahal" dördünji, "Köpetdag" ikinji ýeňşini gazandy

23:1112.04.2019
0
12697

Şu gün Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji gününde «Şagadam» «Ahaly», «Köpetdag» bolsa «Aşgabady» kabul etdi.

«Şagadamyň» adybir stadionynda (Türkmenbaşy şäheri) geçirilen duşuşygy tapgyryň esasy oýny hökmünde häsiýetlendirip bileris. Iki tarap üçin hem ýeňil bolmadyk duşuşykda ýer eýeleri şu möwsümde ilkinji gezek utulyşa sezewar boldular, tersine, «Ahal» bolsa bassyr dördünji duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşyndan ― «Şagadamdan» 5 utuk öňe saýlandy. Bäşinji tapgyrdan soň 12 utuk toplan «Ahal» Ýokary liganyň 27-nji möwsüminde 10 utuklyk menzilden ilkinji bolup geçen topardyr. 0:1 hasabynda Röwşen Meredowyň şägirleriniň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda ýeke-täk pökgini 57-nji minutda hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi. Şeýlelikde, möwsümdäki gollarynyň sanyny 3-e ýetiren Didar «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew bilen bombardirlik ýaryşynda birinji orny paýlaşýar. Aşgabatly Resul Mämmedowyň eminlik eden duşuşyna tomaşa etmek üçin kenarýaka şäherden 500 janköýer ýygnandy.

Geçen tapgyrda «Nebitçiden» utulan «Köpetdag» bu gezek öz meýdanynda «Aşgabatdan» üstün çykdy. «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyga 1000 tomaşaçy gatnaşdy.

2:1 hasabynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda «Köpetdag» Batyrgylyç Berdiýewiň 41-nji we 65-nji minutlarda geçiren pökgüleri bilen ýeňiş gazandy. Paýtagtyň adybir toparyndan bolsa Şatlyk Gurbanow tapawutlandy. Bu duşuşykdan soňra, utugyny 6-a çykaran «Köpetdag» Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen üçünji-dördünji orunlary paýlaşýar.

5-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy 13-nji aprelde geçirilip, onda “Energetik” “Nebitçini” kabul eder. AFK-nyň Kubogynda çykyş edýändigi sebäpli, “Altyn Asyryň” “Merw” bilen geçirilmeli duşuşygy soňa süýşürildi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Şagadam” – “Ahal” – 0:1

Gol: 57 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 90+4 Daýanç Orazgulyýew (“Şagadam”) – 47 Wezirgeldi Ylýasow, 76 Abdy Bäşimow (“Ahal”)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

 “Köpetdag” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 41, 65 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) – 86 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 26 Meýlis Diniýew, 44 Baýramgeldi Gulmaýew, 80 Döwran Berdiýew (“Köpetdag”) – 21 Güýçmyrat Annagulyýew, 43 Orazmuhammet Işangulyýew, 50 Kemal Gurbanow, 90+5 Baýjan Satlykow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

Ýaryş tertibi:

1. «Ahal» 4/12

2. «Şagadam» 4/7

3. «Nebitçi» 4/6

4. «Köpetdag» 4/6

5. «Altyn asyr» 2/4

6. «Merw» 4/3

7. «Energetik» 3/3

8. «Aşgabat» 5/3.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň