Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL ― 2019: 12-nji aprelde 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

23:5311.04.2019
0
4497

12-nji aprelde Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek duşuşyklar bilen Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň bäşinji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Şol gün tapgyrda göz öňünde tutulan dört duşuşygyň üçüsi geçiriler. 13-nji apreldäki «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygy bolsa, myhman toparyň AFK-nyň çägindäki duşuşyga taýýarlyk görýänligi sebäpli, 28-nji maýa geçirildi. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Ahaly», «Köpetdag» «Aşgabady», «Energetik» «Nebitçini» kabul eder.

«Şagadam» – «Ahal»

Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy)

Başlanýan wagty: 17:00

Emin: Resul Mamedow (Aşgabat)

Eminiň kömekçileri: Ahmet Begnazarow (Mary), Akmyrat Jumaýew (Aşgabat)

Ätiýaçdaky emin: Saparmamet Gurbanow (Balkanabat)

Duşuşygyň gözegçisi: Raşit Pälwanow (Daşoguz).

Ýaryş tertibiniň öňdäki orunlaryny eýeleýän toparlaryň arasyndaky duşuşyk, megerem, tapgyryň iň esasy oýny bolsa gerek. Häzir «Şagadamda» 7, «Ahalda» 9 utuk bar. Geçen tapgyrda «Altyn asyry» utmagyň bäri ýanyndan gaýdan «kenarlylar» bu gezek öz janköýerleriniň goldawy bilen «Ahaldan» üstün çykyp biläýseler, olara ýaryş tertibiniň başyna geçmäge mümkinçilik dörär.  Bu duşuşykda «Ahala» tejribeli ýarymgoragçy Artur Geworkýan hem kömek edip bilmez. Turkmenportala gelip gowşan habara görä, ol Indoneziýanyň toparlarynyň birinden çakylyk aldy. Şu wagt Indoneziýada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy bilen gepleşikler geçirilýär.

Eger duşuşykda «Şagadam» ýeňiş gazansa, möwsümdäki ýeňişleriniň sanyny «Ahalyňky» bilen deňlär, eger duşuşyk myhman toparyň peýdasyna tamamlansa, onda Röwşen Meredowyň şägirtleri şu möwsümde dört duşuşykda ýeňiş gazanan ýeke-täk topar bolar. Duşuşyk deňlikde tamamlansa, onda biz möwsümde deňme-deň hasap bilen jemlenen ikinji duşuşygyň şaýady bolarys. Täsin tarapy, bu duşuşyklaryň ikisinde-de hem garşydaş taraplaryň biri «Şagadam» bolar. Şeýle hasap «Ahalyň» şu möwsümde ilkinji gezek utuk ýitirmegine hem sebäp bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, «Şagadam» hem, «Ahal» hem şu möwsümde heniz ýeňlip görmedik toparlardyr.

Şu duşuşykda gazanyljak ýeňiş «Şagadamyň» Ýokary ligadaky ýubileý ýeňşi bolar. «Kenarlylar» Ýokary liga gatnaşan ýyllarynda häzirki wagta çenli jemi 279 ýeňiş gazandylar.

«Köpetdag» ― «Aşgabat»

Geçiriljek ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat)

Başlanjak wagty: 16:00

Emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat)

Eminiň kömekçileri: Şageldi Hydyrow (Balkanabat), Eziz Ýazmyradow (Aşgabat).

Ätiýaçdaky emin: Ahmet Jumamyradow (Aşgabat).

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat).

Dördünji tapgyrda Balkanabatdaky utulyşdan soňra Saýit Saidowyň şägirtleri  yzda galan dört tapgyrda özleri bilen deň utuk toplan «Aşgabady» ýeňmäge çalşar. Toparlaryň ikisi hem çempionata şowsuz başlady. Olar bu gezek şol şowsuzlyklaryň soňuna çykyp, ýokarky orunlara dalaş ederler. Başlangyç şowsuz hem bolsa geçen tapgyrda «Aşgabadyň» «Merwi» ýeňendigini ýatdan çykaryp bolmaz. Garaz, toparlaryň ikisi hem täze möwsümdäki ikinji ýeňiş üçin göreşerler.

Eger «Köpetdagy» ýeňip bilse, bu ýeňiş «Aşgabadyň» Ýokary ligadaky 180-nji üstünligi bolar.

«Energetik» ― «Nebitçi»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» (Mary)

Wagty: 17:00

Emin: Arslan Goşşanow (Tejen)

Eminiň kömekçileri: Pälwan Pälwanow (Daşoguz), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat).

Geçen tapgyrda «Ahaldan» asgyn gelip, ahmyrly galan «Energetik» indi öz meýdanynda «Nebitçini» kabul edýär. Her niçik hem bolsa, «nebitçileriň» bu ýyl özüne gelendigi bildirýär. Geçen möwsümi sekizinji orunda tamamlan topar häzir «bürünç medalyň» dalaşgäri. Ýagny, «Energetigiň» geçen ýylky ornunyň eýesi.

Eger duşuşykda «Energetik» ýeňiş gazansa, onda bu ýeňiş Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri çykyş edýän toparyň 50-nji ýeňşi bolar.

Bellik: tapgyrdaky "Merw" - "Altyn asyr" duşuşygy 28-nji maýa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň