Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Parahat - 7 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si we bir seýilgäh gurlar

22:0411.04.2019
0
20249

Aşgabat şäheriniň binagärlik — şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda inžener ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň aprel aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň