Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygynda katarly hünärmenler eminlik eder

14:3711.04.2019
0
7696

Katarly 26 ýaşly hünärmen Abdulla Ali Al-Marriniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary AFK-nyň kubogy - 2019-yň çäginde "Köpetdag" stadionynda ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyr" bilen Täjigistanyň "Istiklol" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşygynda eminlik eder.

Täjik toparynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň esasy eminine onuň watandaşlary Ramzan Said Al-Naimi bilen Zahi Al-Şammari ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolsa palestinaly hünärmen Bara Aişa bolar. Şeýle hem yrakly Muhsin Torki gözegçi eminiň, hindistanly Rawişankar Jaýaraman bolsa duşuşygyň komissarynyň wezipesini ýerine ýetirer.  

Yklym ýaryşynyň toparçalaýyn böleginiň birinji tapgyrynda Bişkekde geçirilen duşuşykda "Dordoý" bilen deňme-deň oýnan ildeşlerimiz häzir toparçada ikinji orny eýeleýärler. Çünki şol tapgyrda "Istiklol" Täjigistanyň başga bir topary "Hujanddan" 3:0 hasabynda üstün çykypdy. 17-nji aprelde "Köpetdag" stadionynda geçiriljek duşuşykda gazanyljak ýeňiş biziň ildeşlerimiziň ýaryşyň indiki tapgyryna - interzolagyň ýarym finalyna çykmak mümkinçiligini artdyrar. Duşuşygyň 17-nji aprel güni sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň