Türkmen talyplary Nazary mehanika boýunça XV halkara ders bäsleşigine gatnaşarlar

12:2411.04.2019
0
22032

Türkmen talyplary 15 - 18-nji aprel aralygynda Gomel şäherinde geçiriljek Nazary mehanika boýunça XV halkara ders bäsleşigine gatnaşarlar. 

Bu ýyl bäsleşikde biziň ýurdumyza ýokary okuw mekdeplerimiziň altysynyň - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň,  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň we  Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary wekilçilik ederler. 

Halkara bilim bäsleşigi şu ýyl Türkmenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Ukrainadan, Polşadan we Hytaýdan 150-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň