Aşgabatda BSGG-nyň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady

11:1111.04.2019
0
5772

Düýn - 10-njy aprelde türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady.

Ýurdumyzyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan maslahata daşary ýurt hünärmenleri, ýokary derejeli bilermenler, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlaryndan lukmançylyk hem-de ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasy bilen sylaglandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň birnäçesiniň hormatly professory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy we amaly lukmançylygy täze, innowasiýa derejesine çykarmakda aýratyn orny bellenildi, bu bolsa, öz nobatynda, dünýä saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirdi.

BSGG-niň Baş direktory her ýyl gowşurylýan the Ihsan Doğramacı Family Health Foundation Prize, The Sasakawa Health Prize, United Arab Emirates Health Foundation Prize we beýlekiler ýaly sylaglardan başga-da, ýurtlara saglygy goraýşyň aýry-aýry ulgamlarynda ýeten sepgitlerine ýa-da goşan goşantlaryna ýokary bahanyň subutnamasy hökmünde güwänamalaryň hem gowşurylýandygyny aýtdy. Türkmenistana bu ýokary sylag biziň döwletimiziň ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde güýçli we yzygiderli öňdeliginiň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Ýokary derejeli maslahatyň dowamynda BSGG-niň wekilleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan bu çäreleriň ählisini goldaýandygyny tassykladylar. Temmäkä we alkogolly içgilere garşy göreşde okgunly ösüş hem-de ýetilen belent sepgitler Türkmenistanyň we onuň Lideriniň ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna üýtgewsiz syýasy ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy hem-de görelde almak üçin ajaýyp nusga we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändiginiň mysaly bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň