Soňky habarlar

Arhiw

«BURKUT» konditer fabriginde gije-gündiziň dowamynda 300 tonna çenli önüm çykarmak göz öňünde tutulýar

14:1009.04.2019
0
7777

Iri süýji öndüriji «BURKUT» konditer fabriginde tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna çykarylýan önümleriň görnüşini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Kärhananyň sehinde bally gaty süýji, geljekde wafli önümlerini çykarýan ýokary öndürijilikli awtomatlaşdyrylan enjamlar oturdylar. 

Bu ugurdan enjam öndürýän dünýä belli «Cocotech», «Zollih AG», «Hebenstreit GmbH», «Weisshaar» kompaniýalary bilen şertnama baglaşyldy. Häzirkizaman kompýuterleşdirilen enjamlar gije-gündiziň dowamynda 150 tonna çenli dürli bally süýjileriň otuz görnüşini we wafli önümleriniň onlarça görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda guran konditer fabrigi çeýnelýän bally süýji öndürmäge ýöriteleşendir. Germaniýanyň we Italiýanyň ýokary öndürijilikli enjamlarynda gije-gündizde 160 tonna çenli süýji çykarylýar. «Dürdäne», «Läle Fam», «Tuby» ýaly süýjilerine alyjylar uly isleg bildirýärler. Täze enjamyň işe girizilmegi bilen sehde 300 tonna çenli süýji önümleri çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň