Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş gurnady

13:5609.04.2019
0
5082

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Sport çäresini ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy gurady. 

Kiçi futbol boýunça talyplar bäsleşigi Ploýeşti şäheriniň «Green Arena» stadionynda geçirildi, oňa Rumyniýanyň dürli şäherlerinden türkmen ýaşlarynyň 50-den gowragy geldi. 

Çekeleşikli, dartgynly geçen ýaryşda Ploýeşti şäherindäki Nebit we gaz uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny Tyrgu-Mureş şäheriniň Medisina we farmasiýa uniwersitetiniň hem-de Timişoar şäheriniň Günbatar uniwersitetiniň birleşen topary eýeledi. Kluž-1 topary bürünç baýraga mynasyp boldy, onuň düzüminde Kluž-Napoki şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde: Babeş-Boýýai uniwersitetinde, Tehniki uniwersitetinde hem-de Medisina we farmasiýa uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary çykyş etdiler. 

Ýaryşda baýrakly orunlary eýeleänlere we oňa gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň