Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Ahal" çempionatyň ýeke-täk lideri

21:3908.04.2019
0
9590

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda “Energetikden” 1:0 hasabynda üstün çykan “Ahal” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

Bu tapgyryň soňky gününiň beýleki duşuşygynda “Altyn Asyr” Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyny” kabul etdi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Şeýlelikde, geçirilen dört tapgyrdan soň 9 utuk toplan “Ahal” ýaryş tertibiniň ýokarky ornuny eýelemegini dowam edýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyry 12-nji hem-de 13-nji aprelde geçirilip, onda “Şagadam” – “Ahal”, “Merw” – “Altyn Asyr”, “Köpetdag” – “Aşgabat” hem-de “Energetik” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: 78 Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”) – 18 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

 

“Ahal” – “Energetik” – 1:0

Gol: 67 Gurbanguly Aşyrow (“Ahal”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň