Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty boýunça duşuşyk geçirildi

20:4108.04.2019
0
5047

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky edara-binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy paýtagtymyzda 9 — 10-njy aprelde boljak «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejedäki halkara maslahat boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edara binasynyň ýurt boýunça işgärleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, halkara bilermenler, jemgyýetçilik işgärleri we syýasatşynaslar gatnaşdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary derejedäki bu gezekki Ýewropa maslahatynyň gün tertibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokanç däl keseller boýunça Syýasy jarnamasyndan 2018-nji ýylyň ýurt derejesindäki hereketlerini geçmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişini özünde jemledi. Duşuşykda öňde boljak maslahatyň Maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy we ýokanç däl keseller babatda dünýäde bar bolan ýagdaýa, Türkmenistanyň bu kesellere garşy göreşmek boýunça ýeten derejelerine gysgaça syn berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Çykyş edenler ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreşmek çäreleriniň ösüşine, 2013-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň düzgünleriniň çäklerinde I Ýewropa ministrler maslahatynyň geçen wagtyndan soňky döwrüň içinde ýurdumyzyň ýeten derejesine aýratyn üns berdiler.

Türkmen Lideri iki ýyl mundan ozal Karara gol çekip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklady. Bu maksatnama çilimkeşlige garşy göreşe gönükdirilendir hem-de Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça netijeli çäreleriň geçirilmegine ýardam bermelidir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çilimkeşlige garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil, milletiň saglygy hakynda yzygiderli aladalary netijesinde ýokary netijeler gazanyldy. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 2018-nji ýylda çilim çekýänler ilatyň 3,4 göterimine barabar boldy. Munuň özi diňe bir Ýewropa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde oňyn görkezijidir.

Yzygiderli amala aşyrylýan çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Oňa ähli düzümler, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň degişli Kanuny alkogolyň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we raýatlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary kesgitlendi.

Mundan başga-da, ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň töwekgelçiligiň esasy ugurlary boýunça tekliplerine laýyklykda, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Milli maksatnama, 2018 — 2025-nji ýyllarda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak baradaky Milli strategiýa, 2018 — 2022-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça Milli maksatnama kabul edildi.

Türkmenistanda halkyň saglygy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Durnukly ösüş maksatnamalarynda we 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibinde saglygy goraýyş ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem ol ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ilatyň saglyk derejesiniň saklanmagyna we onuň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň saglygy goraýyş babatda konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny esaslandyryp, milli Liderimiz saglygy goraýyş meselelerine oňyn we häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrdy.

Hünärmenleriň pikirine görä, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň tejribesini Ýewropa sebitiniň 53 ýurdunda ulanmak mümkindir. Bu tejribäniň sebitleýin derejede amala aşyrylmagy saglygy goraýyş ulgamynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanmagyny şertlendirer we ol halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini artdyrar.

Şeýle hem duşuşygyň maksatnamasyna halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurt derejesindäki borçnamalary ýerine ýetirmek, psihiki näsazlyklary we beýleki ýokanç däl keselleri saglygy goraýyş ulgamyna utgaşdyryp, olaryň öňüni almak, bejermek üçin özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini öwrenmegiň meseleleri girizildi. Ýürek-gan damar keselleri, diabet babatda ýokanç däl keseller boýunça maksatnamalaýyn görkezijilere ýetmekde, çykdajylar boýunça oňyn çözgütleri ornaşdyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmezlik bilen bagly ýüze çykýan ýokanç däl keselleriň töwekgelçilikli ýagdaýlarynyň öňüni almak döwrüň esasy wezipesi bolup durýar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda alkogoly ulanmak bilen baglanyşykly 2025-nji we 2030-njy ýyllara çenli döwür üçin maksatnamalaýyn görkezijilere ýetmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokanç däl keseller we Durnukly ösüş maksatlary babatda dermanlyk serişdelere bolan elýeterliligi üpjün etmek bilen baglanyşykly maksatlar, semizligiň öňüni almaga bolan çemeleşmeler, ýokanç däl keseller üçin epidemiologiýa gözegçiligini geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdiler we Aşgabatda ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň