Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda ýokary derejede bellenildi

05:3408.04.2019
0
8984

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ir bilen Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy - diýip, TDH habar berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri bilen bolan gürrüňdeşlikde saglygy saklamagyň we berkitmegiň möhüm şerti bolan bedenterbiýäni ösdürmek meselelerine degip geçdi. Bu ýerde milletiň Lideri Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen salamlaşyp, oňa Aşgabatda «Aziada — 2017-niň» oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi barada gürrüň berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz myhman bilen bilelikde bu oýunlara bagyşlanan kompozisiýany synlady. Aziýa ýaryşlaryny geçirmek üçin bolsa Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Wasiliý Şestakow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň gerimine we binalarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilişine ýokary baha berip, bu desgalaryň ak mermerli türkmen paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri hökmünde geljekki nesillere hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherçäniň sport toplumynda Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, myhman milli Liderimize dünýä derejesinde sambony ösdürmäge goşan goşandy üçin güwänamany hem-de ýadygärlik nyşanyny we samboçy türgeniň degişli sport lybasyny uly hormat bilen gowşurdy.

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesinde bolmagynyň çäklerinde, hökümet agzalary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde şäherçäniň çägi boýunça welosiped sürdi. Şonuň öňüsyrasynda bolsa döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan sport welosipedi gowşuryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wasiliý Şestakowa Türkmenistanyň we Halkara sambo federasiýasynyň baýdaklaryny saklap duran ýurdumyzyň esasy sport nyşany bolan Wepalynyň sowgatlyk şekili gowşuryldy. Wepaly «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň we türkmenistanlylaryň hakydasynda türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe adamlary birleşdiren dostlugyň nyşanyna öwrüldi.

...Soňra bu ýerde milli Liderimiz we Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty sport toplumynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakowyň ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri, dünýä derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýokary baýraklara mynasyp bolan samboçylarymyz bilen duşuşygy boldy.

Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ACB (Absolute Championship Berkut) çempiony we Absolute Championship Akhmat (ACA) turniriniň çempiony bolan garyşyk başa-baş söweş boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, ýarym agyrlyk derejede çykyş edýän Türkmenistanyň ilkinji wekili Döwletjan Ýagşymyradow hem bar.

Olimpiýa şäherçesindäki dabaralar sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin meşgullanmak bilen dowam etdi. Oňa türgenler bilen bir hatarda, sportuň muşdaklary we işjeň dynç alşyň tarapdarlary gatnaşdylar.

Şu günki köpçülikleýin sport çäreleri bolsa diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işjeň dowam etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi, beden we ruhy taýdan kämillige bolan höwes tutuş Türkmenistan boýunça sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlaryny sport meýdançalaryna çykardy.

Ýurdumyzyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, beýleki pudaklaýyn edaralar, kärhanalar, ýokary okuw mekdepleri, welaýatlaryň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan köpçülikleýin çäreler bilen bir hatarda, giň möçberli sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bolsa 2003 — 2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilýän woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda “Saglygym — baş baýlygym” şygary astynda ýetginjekleriň arasynda woleýbol, basketbol we gandbol boýunça bäsleşikler guraldy. Şeýle hem ýoldaşlyk duşuşyklary, bäsleşikler, talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýetginjek toparlaryň arasynda hokkeý boýunça jemleýji ýaryşlar boldy. Şeýle hem figuralaýyn typmak, çeper gimnastika, akrobatika we sport tansy boýunça görkezme çykyşlaryna giň gerim berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň