Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-yň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda 2020-nji ýylda sambo boýunça geçiriljek dünýä çempionaty barada maslahatlaşdy

23:5107.04.2019
0
13088

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň sambo, kikboksing, dzýu-do, boks, taekwando, karate, sport göreşi ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek mümkinçiligi bar.

Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy zalynyň ölçegleri 52 metre we 30 metre deň bolup, ol birbada bäsleşikleriň üçüsini guramaga mümkinçilik berýär. Beýleki desgalar ýaly, bu sport binasynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy Halkara Olimpiýa komitetiniň tehniki görkezijilerine laýyk derejede ýerine ýetirildi.

Toplumyň söweş sungaty zallarynda sebit we halkara derejeli ýaryşlar birnäçe gezek geçirildi. Şeýle hem sambo, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi, guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary guraldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň netijeli işi üçin Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan Halkara ýaýlyma beriş merkezi hereket edýär. Onda ýokary tizlikli internet ulgamy we maslahatlar zaly bar. Toplumda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen doping barlaghanasy, birnäçe lukmançylyk otaglary bar.

Ýokary derejeli ýaryşlary geçirmekde halkara standartlar berk berjaý edilýär. Bu ýerde degişli düzgünnama laýyklykda, ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanda döwrebap sport düzüminiň döredilmegi we dürli ýaryşlary geçirmekde toplanan tejribe netijesinde, bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüler hem-de ýurduň halkara abraýyny has-da belende göterer diýip, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy nygtady.

W.Şestakow Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny guramaga halkara ülňülere laýyk gelýän çemeleşmeleriň bardygyny belläp, Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigine we üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Halkara sambo federasiýasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyny, sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň wagyz edilmegini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine kömek etjekdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň