Soňky habarlar

Arhiw

"Aşgabat" derwezeçisiz geçiren duşuşygynda "Merwi" ýeňdi

23:4207.04.2019
0
15936

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” topary ýurdumyzyň futbol çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazanmagy başardy. Dördünji tapgyryň çäginde Marynyň “Merwini” kabul eden paýtagtymyzyň adybir topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Aşgabada” ýeňiş getiren topy oýnuň 43-nji minutynda Güýçmyrat Annagulyýew geçirdi.

Derwezeçileriň şikesi duşuşygyň esasy aýratynlygy boldy. Birinji ýarymda "Merwiň" derwezeçisi Nikita Gorbunow şikes alyp, ornuny Batyr Geldiýewe beren bolsa, ikinji ýarymda "Aşgabadyň" derwezeçisi Döwletmyrat Jallatow hem wagtyndan ozal oýundan çykmaly boldy. Derwezeçi agyr şikes alyp, "Tiz kömek" ulagy bilen hassahana äkidildi. Oýnuň bu pursadyna çenli "Aşgabadyň" baş tälimçisi Amangylyç Koçumow üç oýunçy çalşygyny hem amala aşyrypdy. Şeýlelikde, derwezä 31 ýaşly goragçy Kemal Gurbanow geçdi we ol oýnuň galan wagtyndaky howply hüjümleriň ählisini serpikdirdi.

Dördünji tapgyryň galan duşuşyklary 8-nji aprelde geçirilip, onda “Altyn Asyr”-“Şagadam” hem-de “Ahal”-“Energetik” toparlary duşuşarlar.

“Aşgabat” – “Merw” – 1:0

Gol: 43 Güýçmyrat Annagulyýew (“Aşgabat”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň