Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

12:3307.04.2019
0
4510

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýan güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin sport hereketiniň eziz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyryp, abadan we bagtyýar durmuşda beýik geljegimizi gurýan mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bütindünýä bileleşik bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda parahatçylygy we dostlugy, sporty we ynsanperwerligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk gününiň baýramçylyk dabaralary agzybirligimizi we bitewüligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň taryhyny, tejribesini, ruhuny özüne siňdiren hem-de belent ösüşlerimiziň daýanjyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerimiziň giňden rowaçlandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara bileleşigi birleşdirýän we has-da jebisleşdirýän bu halkara baýramçylyga gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, welaýat we etrap merkezlerindäki al-elwan öwüsýän seýilgählerimizde, köpugurly sport toplumlarymyzda, döwrebap stadionlarymyzda, ajaýyp sport meýdançalarymyzda medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreleriň geçirilmegine sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekdäki gazanýan üstünliklerimiziň ykrar edilmesi hökmünde garaýarys.

Eziz halkym!

Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Milli maksatnamalarymyza, toplumlaýyn özgertmelerimize laýyklykda, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumlary, Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümleri döredildi. Döwletimiziň durnukly, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň çäklerinde ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar hem guruldy. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde baý tejribe toplandy. Geljekde hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, mähriban halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen ulgamlaýyn meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri dörederis.

Mähriban watandaşlar!

Köptaraplaýyn we durnukly ösüşlerimiz eziz Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşmaga täze mümkinçilikleri açdy. Türkmenistan döwletara derejelerde, aýratyn-da, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, dürli halkara we sebitara sport guramalary bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet bermek bilen, umumadamzat ähmiýetli taslamalary, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürýär hem-de üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende göterdi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilmegi bolsa berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen sport syýasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň