Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri geçiriler

17:0306.04.2019
0
5631

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 5-nji aprelde geçirilen mejlsiinde wise-premýer B.Abdyýewa 18 — 22-nji aprelde Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde iki dostlukly ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de türkmen taryhyny we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet syýasatyna laýyklykda, türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna laýyklykda, «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystany Patyşalygynyň folklor toparynyň çykyşlary, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň, milli lybaslaryň hem-de fotoişleriň sergisi guralar. Şol ýerde iki ýurduň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy hem-de nakgaşlyk hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler.

Saud Arabystanynyň alymlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň Arap ýarym adasynyň ýurtlary bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan çykyşlary hödürlärler.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak hem-de Saud Arabystanynyň artistleriniň Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Saud Arabystanynyň resmi wekiliýeti bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde boljak duşuşygyň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň