Soňky habarlar

Arhiw

2019-njy ýylda Türkmenistanda 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekiler

00:2806.04.2019
0
24615

5-nji aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 82 müň 400 tonna hasyl almak maksat edinilýän kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2019-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere resminamany takyk durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň