Soňky habarlar

Arhiw

«NUR» kompaniýasy çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrýar

09:5405.04.2019
0
11814

Gaplanylan gök önümleri, maýonez we üwmeç öndürmeklige ýörüteleşdirilen «NUR» kompaniýasy şu ýyl çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmegi hem-de ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň satuwyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Owadan ülke” kärhanasynda maýonezi we üwmeji wakuumly plastiki gaplara gaplayjy enjam oturdyldy. Günde bu önümleriň on tonna golaýy wakuumly paketlere gaplanylýar. Plastiki gaplara we çüýşe bankalara hem şonça önüm gaplanylýar. 

«NUR» söwda belgisi bilen maýoneziň düzümi we ýaglylygy babatda tapawutlanýan birnäçe görnüşi çykarylýar. Ýakyn wagtda şehde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin maýonezi we üwmeji bir gezek ulanylýan gaplara gaplaýan enjam oturtmak göz öňünde tutulýar. 

Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy gaplanylýan gök önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze möwsümde telekeçiler alyjylara uzak möhletleýin saklanylýan önümleriň 20-ä golaý görnüşini teklip ederler. Kärhananyň marinada ýatyrylan hyýarlarydyr pomidorlaryndan başga-da ýörüteleşdirilen hususy hojalyklarda ýetişdirilen we ýurdumyzda öndürilen çüýşe gaplara gaplanan gowrulan badamjan, ajika hem-de burç goýaltmasy söwda nokatlaryna gowşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň