Ýörite ygtyýarnamasy bolmadyk adamlaryň ýolagçy gatnatmaga gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi

23:0704.04.2019
0
9318

4-nji martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigi baradaky meseläniň üstünde durup, şäher ýollarynda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwlet tarapyndan kesgitlenen ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny amala aşyrýan ýöriteleşdirilen ulaglaryň hereket edýändigine garamazdan, şeýle hyzmata ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň bikanun hereket edýän ýagdaýlary ýüze çykýar.

Ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda içeri işler ministriniň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça oňa soňky gezek duýdurylýandygyny ýatlatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň