Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Krestinin: "Garşydaş garaşyşymyz ýaly oýnady"

17:3804.04.2019
0
5044

3-nji aprelde Bişkek şäheriniň Dolen Ömruzakow adyndaky stadionynda ýerli "Dordoý" bilen Türkmenistanyň "Altyn asyrynyň" arasyndaky duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda "Dordoýyň" baş tälimçisi Aleksandr Krestinin duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi:

- Elbetde, biz netijeden kanagatlanmadyk. Futbolda goragda goýberilen kiçijik ýalňyşlyk utuk ýitirmäge çenli getirip bilýär. Biz howply pursatlary, o diýen kän bolmasa-da, garaz, döredip bildik. Elbetde, ýeňşe garaşýardyk, ýöne meýdanyň ýagdaýy muňa päsgel beren aýratynlyklaryň biri boldy. Geçen ýyl stadionyň otunyň ýagdaýy has gowudy, ýöne tutuşlygyna meýdany günäkärlemek hem dogry däl. Biz has dogumly, has ynamly oýnap bilerdik. Käbir goýberen ýalňyşlyklarymyzy bagyşlamak kyn, çünki biz garşydaşyň oýun uslybyna görä taýýarlanypdyk.

Garşydaşymyz, garaşyşymyz ýaly, güýçli oýny orta goýdy. Oýnuň bütin dowamynda elimizden gelenini etdik, ýöne 85-nji minutda derwezämizden pökgi geçirtmek... Bu eýýäm professionallara gelişýän ýagdaý däl. Bu gün ýitiren utuklarymyz wyždanymyzdaky ýitige öwrüldi. Ýöne beýle ýagdaýlar möwsümiň başynda bolup bilýär. Her hiçik hem bolsa, her kim elinden gelenini gaýgyrmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň