Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary «Jean Pictet» adyndaky 31-nji halkara hukuk bäsleşigine gatnaşdy

12:3404.04.2019
0
1690

Golaýda Fransiýanyň Obernaý şäherinde «Jean Pictet» adyndaky 31-nji halkara hukuk bäsleşigi geçirildi. Şweýsariýaly meşhur ýurist Jin Piktetiň hormatyna geçirilen bu bäsleşige Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara jemagat hukugy hünäriniň talyplary hem ilkinji gezek gatnaşdy - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

1989-njy ýylda Fransiýada esaslandyrylan, halkara derejede geçirilýän bu bäsleşige ilki bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar fransuz dilinde gatnaşypdyrlar. Oňa gatnaşmak isleýänleriň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy nazarda tutulyp, bu ýyl bäsleşik iň­lis dilinde geçirilip başlandy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik halkara ynsanperwer hukugy, halkara adam hukuklary, halkara jenaýat hukuklary bilen bagly mowzuklary öz içine alýar. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde dürli halklardan gelen toparlaryň adyndan çykyş etmek, döwletleriň arasynda ýa-da döwletiň içindäki hukuk meselelerini çözmek ýaly şertler goýuldy.

— Fransiýada ýylyň-ýylyna geçirilýän «Jean Pictet» adyndaky 31-nji halkara hukuk bäsleşigine ilkinji gezek türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagy, ýagny 36 döwletden gelen 48 toparyň arasynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek bizi diýseň begendirdi. Talyplaryň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagy olara öz ugurlaryndan tejribe toplamagyna ýardam edýär. Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjy ýaşlaryň taýýarlygyna ýokary baha berdiler. Bu çäräni guraýjy komitetiň başlygy Lenord Kristow türkmenistanly talyplaryň ilkinji gezek gatnaşýandygyna ünsi çekip, geljekki ýaryşlarda olaryň sanynyň has-da köpelmeginiň örän netijeli boljakdygyny belledi — diýip, toparyň ýolbaşçysy Emir Jumaýew gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň