Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň zenanlar Kuweýtdäki ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

12:0304.04.2019
0
3828

Kuweýtde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Kuweýtiň zenanlar ýygyndysy bilen ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşygy ýokary depginde geçiren ýygyndy toparymyz 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyz Kuweýtiň milli ýygyndysynyň garşysyna geçiren birinji ýoldaşlyk duşuşygyny 6:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlapdy.

Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän futzal boýunça ýygyndy toparymyzyň Kuweýtdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň şu gün tamamlanýandygyny ýatladýarys.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň