«Turkmen Forum» kompaniýasy X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy bolar

11:1604.04.2019
0
1157

«Turkmen Forum» kompaniýasy 21-22-nji maýda «Awazada» geçiriljek X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy bolup durýar. Bu barada çäräni gurnaýjy guramalaryň saýtynda habar berilýär.

«Turkmen Forum» kompaniýasy halkara we milli sergileri, maslahatlary we seminarlary, işewür duşuşyklary gurnamaklyga we kompaniýalaryň tanyşdyryşyny geçirmeklige ýöriteleşýär.

Gaz kongresine geçirmeklige «Gaffney, Cline and Associates» britan kompaniýasy ýardam edýär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz ulgamynyň işine we bar bolan gazhimiýa taslamalaryna syn berler. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary prezentasiýalar bilen çykyş eder. Şol sanda «Gaffney, Cline and Associates» kompaniýasy «Galkynyş» käni we Türkmenistanyň gaz senagatynyň mümkinçilikleri boýunça prezentasiýa geçirer.

Forumda aýratyn üns Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige berler.

Forumyň çäklerinde köpsanly şertnamalara we Ähtnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Kongresiň işine dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleirniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda: Hyundai Engineering, Kawasaki, Shell, Petronas, Gaffney, Cline and Associates, NAPECO, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, Buried Hill we beýlekiler bar.

Forumyň çäklerinde şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň top-menejerleriniň türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Türkmenistan tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy we GDA-da ikinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň