2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporty düýpli artdy

11:1304.04.2019
0
1795

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň nebit we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň eksport möçberleri düýpli artdy. Netijede, 2018-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, şu ýylyň degişli döwründe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan (TDHÇMB) türkmen bitumynyň eksporty 5 esse, binýatlyk ýaglaryňky — 4 esse artdy. Türkmenistanda öndürilen polipropileniň eksporty 119,2 göterim ýokarlandy. Mazutyň we göni aýlawly benziniň eksporty 25 göterim artdy - diýip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Umuman, 2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda TDHÇMB-de umumy bahasy 490 mln 680 müň dollardan gowrak we 91 mln 550 müň türkmen manadyndan gowrak serişdä barabar bolan 437 eksport geleşikleri baglaşyldy.

Belläp geççmeli zat hem, şu döwürde geçen ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtlara eksport edilmedik birnäçe türkmen önümleriniň iberilmeginiň ýola goýulmagydyr. Şolaryň hatarynda — ýokary dykyzlykly polietilen, karbamid we beýlekiler.

TDHÇMB-de geleşikleriň aglabasy 11-16 fewral aralygynda baglaşylyp — umumy bahasy 156 mln 951 müň amerikan dollaryna barabar bolan jemi 58 şertnama baglaşyldy. Bu geleşikleri Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gonkongyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewürleri baglaşdylar.

TDHÇMB Türkmenistanyň kärhanalarynda, şol sanda nebit we gazy gaýtadan işleýän önümçiliklerde öndürilýän ýokary bahaly türkmen önümleriniň eksportynyň artmagyna uly goşant goşýar. Olaryň hatarynda — Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (onuň düzümine Seýdiniň NGIZ hem girýär), şeýle hem 2018-nji ýylyň oktýabrynda işe girizilen tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürmek boýunça Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň