Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklar bilen tanyşdy

23:5703.04.2019
0
7629

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.

Milletiň Lideri dikuçarda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda, paýtagtyň demirgazyk künjeginde, Gurtly kölüniň ýanaşyk ýerlerinde, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynda, Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde, bu ýerde gurulýän ägirt uly söwda toplumynda, şäheriň günorta künjeginde, dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde, «Welosiped» binasynyň gurluşyk meýdançasynda, Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasyna ynanylan desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew bilen bilelikde dikuçaryň üstünden Ahal welaýatyna degişli ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de bu künjekde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň