"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogy - 2019-daky garşydaşlarynyň duşuşygynda "Istiklol" ýeňiş gazandy

22:3303.04.2019
0
3436

Surat: "Istiklol" fk.  

Şu gün Türkmenistanyň "Altyn asyrynyň" AFK-nyň kubogy - 2019-daky garşydaşlary "Istiklol" bilen "Hujand" Duşenbäniň Merkezi stadionynda duşuşdylar. Yklym ýaryşyndaky täjik derbisi "Istiklolyň" 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini ermeni hüjümçi Ruslan Korýan (50, 71), birini bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Alyşer Jalilow (68) geçirdi. Bu ýeňişden soň Täjigistanyň çempiony "D" toparçada birinji orny eýeleýär.

"Istiklol" ikinji tapgyrda 17-nji aprelde "Altyn asyryň" myhmany bolar.

AFK-nyň kubogy - 2019. Merkezi zolak. "D" toparça. 1-nji tapgyr.

"Istiklol" (Täjigistan) - "Hujand" (Täjigistan) - 3:0 (0:0)

3-nji aprel. Duşenbe. Merkezi respublikan stadion. 12800 tomaşaçy.

Gollar: Ruslan Korýan, 50 (1:0), Alyşer Jalilow, 68, 11 m.j.u. (2:0), Ruslan Korýan, 71 (3:0).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň