Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň baý kompaniýasy TOPH taslamasynyň hemaýatkäri bolar

21:4603.04.2019
0
9208

Surat: Saudiaramco.

Dünýäniň iň iri nebit kompaniýalarynyň biri bolan Saudi Aramco (Saud Arabystany) kompaniýasy Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gazgeçirijisiniň hemaýatkärleriniň biri bolar diýip, centralasia.news saýty habar berýär.

Maglumat berlişine görä, TOPH ýaly iri taslamanyň hyzmatdaşy bolmak Ýewropa we Aziýanyň arasynda tebigy gazyň söwdasynyň ilerlemegine goşant goşmakdyr. Kompaniýa bu taslamanyň taraplaryň ählisi üçin hem juda bähbitli boljakdygyna ynanýar.

Ýeri gelende aýtsak, Saudi Aramco 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde iň kän girdeji gazanan kompaniýadyr. Onuň geçen ýylyň dowamyndaky girdejileri 111,1 milliard dollara ýetdi. 

Saudi Aramco Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy bolup, ol nebiti gazyp almak we onuň söwdasy boýunça dünýäniň iň iri kompaniýasy hasaplanylýar. Ol 1933-nji ýylda Saud Arabystany hökümetiniň ABŞ-nyň “Standard Oil of California” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň