Arhiw

Aleksandr Krestinin: “Dordoýyň” esasy artykmaçlygy janköýerlerimiz!”

15:0502.04.2019
0
3936

Ozal hem habar berlişi ýaly, paýtagtymyzyň “Altyn asyr” futbol topary ertir AFK-nyň kubogy ― 2019-yň birinji tapgyrynda Bişkekde ýerli “Dordoý” bilen duşuşar. Duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda ýerli toparyň baş tälimçisi we bir oýunçysy žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Ähli zatdan öňürti hemmeleri täze futbol möwsüminiň başlanmagy bilen gutlaýaryn! Ertirki duşuşyk biziň klubymyzyň täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygy bolar. Ählimiz futboly küýsedik. Aziýa kubogyndan soňra dynç almaga-da, klub derejesinde ähli zady takyk kesgitlemäge-de wagtymyz boldy. Şonuň üçin men hiç zatda bökdençlik ýok, oýunçylar duşuşyga doly taýýar diýip hasaplaýaryn. Galanyny hem ertirki oýun görkezer. Türkiýedäki türgenleşiklerde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdik. Men häzir biz garşydaş bilen deň güýçde diýip hasaplaýaryn.

Ilkinji duşuşygymyzy öz meýdanymyzda geçirmek biziň ilkinji artykmaçlygymyzdyr. Garşydaşymyzyň geçen ýyl finala çenli baryp ýetmegi tötänlik däl, “Altyn asyr” juda güýçli garşydaş. Ertir juda täsin oýun bolar, men toparlaryň ikisiniň hem ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi bar diýip hasaplaýaryn. Biziň artykmaçlygymyz ― janköýerler! Galyberse-de, toparlaryň ikisiniň hem 70 göterimi milli ýygyndynyň oýunçylaryndan ybarat. Şonuň üçin duşuşyk iki tarap üçin hem juda kyn bolar ― diýip, baş tälimçi duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

Kursanbek Şeratow: “Dordoýda” her kim “Altyn asyr” bilen boljak duşuşyga garaşýar”

“Dordoýyň” goragçysy Kursanbek Şeratow Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň çempionlarynyň arasyndaky duşuşyk baradaky pikirlerini şeýle beýan etdi:

“Bu duşuşyga ählimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Gowy taýýarlandyk”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň