Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: “Altyn asyr” bilen “Dordoýyň” mümkinçilikleri deňeçer”

14:1702.04.2019
0
4692

2-nji aprelde, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynyň öňüsyrasy Bişkek şäherinde oýundan öňki metbugat ýygnagy geçirildi. Metbugat ýygnanşygynda “Altyn asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplary:

― Taýýarlyk işleriniň çäginde öňümizde goýan hemme maksadymyza ýetmegi başardyk. Oýunçylarymyzyň şikes alanlary ýok.

― Siziň garşydaşyňyzyň düzümini güýçlendirendigini eşidipmidiňiz?

― Umuman, biz bu ýagdaýa kän bir pikirimizi jemlemedik. Esasy üns öz oýnumyzda jemlendi.

― Öz araňyzdaky duşuşyklara seredilende ýa-da toparyňyzyň AFK-nyň Kubogynyň geçen möwsüminde finala ýetmegi, siziň toparyňyzy bu duşuşykda esasy dalaşgär hökmünde goýýarmy?

― Bu düýbünden beýle däl. Bu täze ýaryş. Toparlaryň ikisi-de hemme zada täzeden girişýär. Ýöne biziň 90 göterim geçen ýylky düzümimizi saklap galanymyzam aýdyp geçeýin.

― Garşydaşyňyzyň düzüminde siziň geçen ýylky oýunçyňyz Wahyt Orazsähedow oýnaýar. Siz onuň garşysyna özboluşly taktikany saýlarsyňyzmy?

― Ol örän güýçli hem-de tejribeli oýunçy. Ýöne biz oýunçylaryň hemmesiniň garşysyna örän taýýarlykly çykyş ederis. Onuň garşysyna kimdir birini goýmakçymy?.. Ony oýnuň öňüsyrasy çözeris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň