Türkmenistanyň wekiliýeti Zenan Parlamentarileriň Katarda geçiriljek maslahatyna gatnaşar

04:0802.04.2019
0
2803

1-nji aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 6 — 10-njy aprelde Katar Döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň 140-njy maslahatyna hem-de Zenan Parlamentarileriniň maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň gender syýasatyny durmuşa geçirmekde ýeten derejesini giňden wagyz etmegiň, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bilen tanyşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda Katar Döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň hem-de Zenan parlamentarileriň maslahatynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz degişli işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, şol sanda onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen ýurdumyzyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli resminama gol çekdi we ony sanly elektron dolanyşygy arkaly Mejlisiň Başlygyna iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň