Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynda özara ylalaşyklaryň 40-syna gol çekiler

23:5501.04.2019
0
7521

1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, şu günler bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, DIM-niň ýolbaşçysyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna ýokary guramaçylykly taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy, saparyň dowamynda ýurdumyzyň käbir welaýatlaryna hem baryp görmegiň nazarda tutulýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň