Soňky habarlar

Arhiw

11-nji oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

22:5501.04.2019
0
4590

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň