Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyryň" täjigistanly garşydaşlary Naýbaşy kubok ugrunda duşuşdylar

14:5001.04.2019
0
3700

Surat: Täjigistanyň Futbol federasiýasy 

Duşenbe şäherindäki Merkezi  stadionda 7 müňden gowrak tomaşaçynyň şaýat bolmagynda futbol boýunça Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçirildi. Onda ýurduň çempiony we Kubogynyň eýesi "Istiklol" geçen möwsümi kümüş medal bilen tamamlan "Hujand" bilen duşuşdy.

3:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan "Istiklol" bu kuboga sekizinji gezek mynasyp boldy. Pökgüleriň ikisini ermenistanly hüjümçi Ruslan Korýan, birini Şahrom Samiýet geçirdi diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. "Istiklol" Täjigistanyň kubogyna mundan ozal 2010, 2011, 2012, 2014, 2015, 2016 we 2018-nji ýyllarda mynasyp bolupdy.

Indi bu toparlar 3-nji aprelde AFK-nyň kubogynyň  çäginde duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň