Arhiw

Türkmenistanda «John Deere» kompaniýasy bilen bilelikde oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleri açyldy

15:4130.03.2019
0
3279

Türkmenistanda oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «John Deere» amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde oba hojalyk önümçiligini sanly elektron dolandyryş merkezleriniň açylandygy habar berildi.

Häzirki wagtda bu kompaniýanyň tehnikalary Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda synag edilýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynyň gowaça ekiljek ýerlerinde geriş çekmek işlerinde hem-de gowaça ekişinde ulanylýar. Geljekde bu etraplaryň hojalyklarynda gowaça ösdürip ýetişdirmegiň we ýetişdirilen hasyly ýygnamagyň ähli işlerinde ulanylýan tehnikalary sanly elektron usulynda dolandyrmak boýunça synag etmek meýilleşdirilýär.

Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň mehanizmleşdirilen işlerine sanly elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy topragy takyk usulda işläp bejermäge, tehnikalary awtomatik usulda dolandyrmaga we iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, sarp edilýän ýangyjyň mukdaryny takyk kesgitlemäge hem-de işleriň maglumatlaryny merkezleşdirilen usulda toplamaga we seljermäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky strategiýanyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Oýlanyşykly oba hojalyk ulgamynyň ulanylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, ýer, suw hem-de dökün serişdelerinden netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder.

Bularyň ählisi öňde goýlan esasy wezipeleri, şol sanda oba hojalyk önümlerini artdyrmak, işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmäge kömek eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň