Aprel aýynda Türkmenistanda medeni çäreleriň uly toplumy geçiriler

15:3230.03.2019
0
2195
Aprel aýynda Türkmenistanda medeni çäreleriň uly toplumy geçiriler

Hökümetiň 29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlsiinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna baýramçylyk seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aprel aýyna meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sergileri we bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli sport çärelerini we maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda bu iri gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar hem guralar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň maksatnamasynda ýöriteleşdirilen sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, çapyksuwarlaryň bäsleşikleri — uzak aralyga atly ýöriş, päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek IX mejlisine, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşar.

Şeýle hem baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň iň owadan ahalteke bedewi halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, ahalteke atlarynyň gözelligini çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy we milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýän beýleki çäreler guralar, bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen bedewleri bu mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä derejesinde ýurdumyzyň abraýynyň belende göterilmegine ýardam berýän hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösüşine, gadymy we özboluşly medeniýetine ägirt uly gyzyklanma döredýän halkara maslahatlaryň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän syýasatynyň türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasynyň dünýäde düýpli öwrenilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine ýardam edýändigini, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dürli ýurtlaryň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýäde abraýynyň artdyrylmagyna hem-de pudagyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Biz naýbaşy ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy ýörelgeleriniň dowamatlylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewine bagyşlanan dabaralaryň ýokary derejede guralmagy babatynda wise-premýere görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde has-da ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleriň geçirilmeginiň, bu işlere ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň çekilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen 2019 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň