Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezi dörediler

15:1630.03.2019
0
15454

29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe önümçilik pudaklaryna, şol sanda hususy ulgamyň kärhanalaryna täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Elektron resminama dolanyşygy, elektron şahsyýetnama ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda hünärmenleri, telekeçileri we ähli raýatlary amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrmak bu ugruň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Konsepsiýasyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça teklip taýýarlanyldy.

Täze bilim edarasy ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň hasabyna alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar. Merkezde häzirki zaman maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleriň özleşdirilmegini üpjün eder.

Täze Okuw-tejribe merkezinde «Elektron resminama dolanyşygy», «Bir penjire ulgamy arkaly ilata hyzmat ediş», «Maglumatlary seljeriş», «Pudaklaýyn elektron dolandyryş», «Sanly oba hojalygy» ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulýar. Sanly ulgamyň birinji tapgyryny Ahal welaýatynyň çäginde peýdalanmak, soňra tutuş ýurdumyz boýunça ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, Okuw-tejribe merkeziniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlaşdyrylmagyna, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegine, elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi. Şu ugurlar bu merkeziň okuw maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň